Halypa mugallym Gurt Nazarowyň 75 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda medeniýetimize, sungatymyza uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz medeniýetimize we sungatymyza goşant goşan adamlara guwanmaga haklydyrys” diýen ýörelgesinden ugur alyp medeniýet sungat ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda döredijilikli zähmet çekýän halypa bagşy-sazandalaryň ýubileý ýaşlary mynasybetli döredilik duşuşuklary, aýdym-sazly dabralaryň ençemesi geçirilýär. Eýýäm konserwatoriýada birnäçe wagtdan bäri şeýle duşuşuklar däp bolup gelýär. Ýakynda 2024 - nji ýylyň 12-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly konsert zalynda, halypa mugallym, opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarowyň 75 ýaşýynyň dolmagy mynasybetli, onuň döredijiligine bagyşlanan ýubuleý konserdi geçirildi. Bu döredijilik konsertine halypa bilen ençeme wagt bäri zähmet çekýän kärdeşleri, dürli ýyllarda konserwatoriýany tamamlan onuň ençeme şägirtleri, onuň ýakyn dogan garyndaşlary bilen birlide myhmanlaryň ençemesi gatnaşdy.
Gurt Nazarow 1949-njy ýylda Mary welaýatynda eneden bolýar. Ol ilki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde, soňra şol wagtky Türkmen Döwlet mugallymçylyk sungat institunda aýdym-saz ugrudan professional derejede bilimini alypdyr. Halypa öz sungat ýolunda ençe ýyllap Türkmen opera we balet teatrynda zähmet çekýär. Ol 1990-njy ýyllaryň ahyrynda Krasnoýarsk opera we balet teatrynda, 2000-nji ýyllarda Saratow opera we balet teatrynda döredijilikli zähmet çekýär we Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda hem talyp ýaşlara opera sungatynyň inçe tilsimlerini öwreden ussat mugallymdyr.
Halypanyň doglan dünine bagyşlanyp geçirilen döredijilik duşuşygynyň dowamynda onuň kärdeşleri, şägirtleri ýokary derejeli nusgawy eserleri ýerine ýetirdirler. Şeýle hem çykyş edenler halypa ýene-de ýaşlara bilim bermekde uzak ýyllaryň dowamynda halypa bolup gezmegini arzuw etdiler.
Şeýle ýaşuly nesliň döredijiligini öwrenmäge, olar bilen döredijilik duşuşuklaryny geçirmäge döredip berýän mümkinçlikleri üçin bu dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetlarlyklary aýtdylar.
Guwanç Hallyýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby
