Dost-doganlyk gatnaşygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni aýdym-saza, baý taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda, ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Pähim-paýhasly, il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işler, medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge, öwrenmäge, döretmäge ruhlandyryp has-da öňe sary alyp barýar.
Buýsançly döwrümiziň bedew batly ösüş-özgerişleri aýdym-sazlarymyzda belentden wasp edilýär. Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ine, şonuň bilen bagly hem ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Konsertde ýurdumyzyň beýik sungat ussatlary bilen bir hatarda Awstriýa döwletiniň hem belli aýdymçy, sazandalary gatnaşdy. Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestri 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Bu türkmen we awstriýa sazandalaryny öz içine alýan Ýewropada ýeke-täk bilelikdäki orkestrdir.
Bu ajaýyp konsert türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sözlerine, Nurygandym Hojamuhammedowyň sazyna “Budur türkmen binasy” atly aýdymy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet horunuň ýerine ýetirmegi bilen açyldy.
Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň dirižorlyk etmeginde Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň Aman Agajykowyň “Oguzlar” sazy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň sözlerine “Aýryldym” aýdymy bilen dowam etdi.
Dabara Wolfgang Harrer dirižýorlyk etmeginde Robert Ştolzyň sazyna “Meniň göwnümiň şasy bol” aýdymyny Awstraliýa Respublikasyndan aýdymçy Amelie Hoisiň, Frans Legaryň sazyna “Men ýüregimi saňa berýärin”, “Sözüm ýok” aýdymy Awstraliýa Respublikasyndan aýdymçy Hwapyeong Gwonyň, Jakomo Puççiniň sazyna “Janni Skikki” operasyndan “Laurettanyň” ariýasyny Awstraliýa Respublikasyndan aýdymçy Amelie Hoisiň, Juzeppe Werdiniň “Rigolette” operasyndan “La donna e mobile” ariýasy, Gaetano Donisettiniň sazyna “Söýgi suwy” operasyndan “Una parola, o adina” aýdymy, Dawid Kern sazyna “Gözlerim dumanda” aýdymyny Konstantin Ritteliň, Ioan Ştraus sazyna “Mawy Dunaý” Awstriýa respublikasyndan tansçylar Dimitar we Grasser Irina hem-de Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” orkestriniň ýerine ýetirmegi üýtgeşik bezeg berdi.
Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjow dirižorlyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Bu gün” türkmen halk aýdymy Serdar Baýramowyň, “Karmen” operasyndan “Toreadoryň” ariýasyny Awstraliýa Respublikasyndan aýdymçy Konstantin Rittel hem-de Türkmenistanyň döwlet horynyň, Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Türkmeniň” (iňlis dilinde) Döwran Şammyýewyň, Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Näme sen” Gözel Annahanowanyň, Çary Nurymowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Armanym galdy” aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýewiň, Nury Halmämmedowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň sözlerine “San bolup” aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň , Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowyň “Magtymguly” kinofilminden sazlaryny, şeýle-de Magtymguly kinofilminden “Küşdepdi” sazyny Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestri we Türkmenistanyň döwlet horynyň ýerine ýetirmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Rasul Gylyjowyň dirižorlyk etmeginde Rejep Rejebowyň sazyna, Gurbangül Mekanowanyň sözlerine “Türkmenistan dost-doganlyk mekany” aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew şeýle-de aýdymçylar Begenç Moşşyýew, Röwşen Baýramow hem-de Türkmenistanyň döwlet hory we Türkmen-Awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestri ýerine ýetirmegi bilen jemlendi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, medeniýet hepdeliklerini gurnamakda, geçirmekde beýik işler alnyp barylýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmeginde belent işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunymyzy aýdýarys.
Gülzada Bazarowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy”
kafedrasynyň öwreniji mugallymy
