Baýraklaryñyz gutly bolsun!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan watanymyz ähli ugurlarda pajarlap ösýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli ugurlarda döredijilikli zähmet çekýän adamlara şanly seneleriň öň syrasynda şaserpaýlarydyr, baýraklary ýokary derejede gowşurylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda sentýabr aýynyň 24-ne hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky degişli resminamalara gol çekdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde milli medeniýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekip, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglary we hormatly atlar bilen sylaglanyldy.
Şolaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän halypa mugallymlaryň hem-de bilim alýan talyp ýaşlaryň birnäçesiniň bolmagy bizi has-da buýsandyrýar:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Rejepdurdy Begenjowa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
“Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Seýitkulyýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Ýazmämmedowa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde: “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Kakajan Hudaýberdiýew; “Kirişli saz gurallary” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Atageldi Rozyýew sylaglanyldy.
Biz hem halypa mugallymlary, talyp ýaşlary gazanan bu üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek gutlaýarys we gelejekde hem şeýle baýraklarynyň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmen sungatynyň ýokary derejelere ýetmegi üçin döredip berýän mümkinçiliklerine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiziň çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris, milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.
Röwşen Ataýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatiýasynyň
"Sazyň taryhy" kafedrasynyň mugallymy