Mukamly owazlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ugurlarda, syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, aýdym-saz we beýleki ulgamlarda uly ösüşler gazanýar.
Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy “Şirin Owaz” aýdym-sazly gepleşiginde halypa mugallymlar hem-de zehinli talyplaryň we hor toparynyň şowhunly çykyşlary ýaşlyk teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi. Ýazgyda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew “Şadyýan gün” we “Älemgoşar” diýen aýdymlaryny üstünlikli ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewa bilen bilelikde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew “Garaşsyzlyk” diýen aýdymy şowhunly ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen ýaş zehinli bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen “Çalsana bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijisi Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Aşirow “Durdy bagşy” sazy çalýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan hem birnäçe zehinli talyp ýaşlar gatnaşyp “Alkyşnama” aýdymyny, hem-de hor topary aýdymlaryny ýokary derejeli ýerine ýetirdiler.
Türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjemal Hojaýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri
