“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”


      Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  “Pähim – paýhas  ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda diýarymyzyň ähli künjeklerinde  Türkmeniň beýik akyldar şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli birnäçe bäsleşikler, ylmy – amaly maslahatlar, öwüt – ündew çäreleri geçirilýär.
      Şonuň bilen baglylykda hem ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň  muzeýinde “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Gülzada Bazarowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ejegyz Çaryýewa bilen bilelikde Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde  ýaşlara öwüt – nesihat maslahaty berildi. Magtymguly Pyragynyň goşgulary ägirt bir umman bolup durýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň birnäçesi aýdym bolup bagşy – sazandalarymyz  tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şol goşgulardan aýdym bolan   “Ýagşydyr”, “Myhmandyr” we “Durasyň geler” atly aýdymlary ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlary  Jora Çerkezow, Sapamyrat Amanmyradow we Rejepdurdy Begenjow tarapyndan ýerine  ýetirilip, “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi. 
   Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, goşgularyny aýdym edip halk köpçüligine ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aknur Çaryýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň ylmy bölüminiň hünärmeni




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm