Dessançy bagşylar


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär.  Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň şygary bilen bagly birnäçe döredijilik duşuşyklary, telewideniýe ýazgylary, gepleşikler geçirilýär. 
     Şonuň ýaly-da ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen ýazgyda milli dessançylyk mekdebiniň iň zehinli wekilleriniň biri Türkmenistanyň  at gazanan  bagşysy Kerwen Ýowbasarow bilen bilelikde gyjakçy  Şäher Täjow çykyş etdiler. Bagşy - bu dutaryň, gyjagyň ýa-da gargy tüýdügiň ýanynda türkmen milli aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýän, halkyň içinde tanalýan aýdymçydyr. Ýazgyda Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň  sözlerine “Ýoluksa”, “Jelalat”, “Il ýagşy” we “Nejep oglan” dessanyndan iki parça  aýdymlary, mundan başga – da “Tylla seniň yşgyňda”  diýen aýdymy  ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Dessanlar türkmen bagşylarynyň esasy repertuar çeşmesidir. 
    Türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 Aýjemal Hojaýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm