Berkarar döwletde bagtyýar halklar


      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi, şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli “Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar” atly göçme sergi we tegelek stoluň başynda teleýazgy gurnadylar. Bu saz-söhbetli duşuşyk “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigine ýazgy edildi. Gepleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy, ýokary okuw jaýynda hereket edýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji partiýa guramasynyň başlygynyň orunbasary Annanabat Hojamämmedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölümçi müdiri Gülaýym Saparmedowa hem-de kitaphananyň “Sungat” bölüminiň II derejeli kitaphanaçysy Altyn Çaryýewa dagylar çykyş etdi. Gepleşikde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty, Watanymyzyň aýdyň geljegini amal etmekde alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzda dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Gepleşikde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri üçin birnäçe hoşallyk sözleri aýdyldy. 
     Halkyna şeýle baky bagtyýarlygy sowulmaz döwrany peşgeş beren Mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Ýurdumyzda aýdym-sazlarymyzyň sesi belentden belent ýaňlansyn!

 Keýik Artykowa, 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” 
hünäriniň V ýyl talyby

 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm