Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Seýitgeldiýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi


    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Seýitgeldiýew bilen hem-de halypalaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda gyzykly ýatlamalar we gürrüňler edildi.
      Döredijilik duşuşyga Nebitgaz Medeni işewürlik merkeziniň “Halk saz gurallar” ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň halk artisti Parahat Şyhymow, Nebitgaz medeni işewürlik merkeziniň “Halk saz gurallar” ansamblynyň gyjakçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, Türkmen Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa myhmançylykda boldular we özleriniň gyzykly ýatlamalaryny gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda halypa Orazgeldi Seýitgeldiýewiň döredijiligine degişli sazlar we aýdymlar ýaňlandy. Döredijilik duşuşygy örän gyzykly we täsirli geçdi. 
    Biz ýaşlara halypalar bilen şeýle duşuşyklary geçirmäge, halypalaryň döredijiligine mynasyp hormat goýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsuny aýdýarys, goý olaryň janlary sag, il-ýurt bähbitli edýän işleri hemişe rowaç alsyn!

 Ýusup Ýazgylyjow, 
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Saz mugallymçylygy" hünäriniň III-nji ýyl talyby

 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm