“Çalsana bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmek barada taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň sungata höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda ezber bagşy-sazandalaryň, bu ugurda ussat hünärmenleriň has-da artmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigiň çäklerinde dutarçy, bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, höwesjeň bagşy-sazandalarymyz watanmyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bäsleşikde bagşylaryň, sazandalaryň çykyşlary bir-birinden has-da tapawutly boldy. 
Bäsleşige ýokary okuw mekdebimiz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň birnäçe ýaş zehinli bagşy-sazandalary hem gatnaşdylar. Olardan: “Halk sazy” fakultetiniň “Bagşy” hünäriniň V ýyl talyby Akjemal Halmyradowa, III ýyl talyplary Kerim Pirnepesow, Dünýägözel Gutlyýewa, I ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa, “Türkmen sazy” hünäriniň I ýyl talyby Mergen Astanow dagylar jemleýji tapgyryň ýeňijileri diýip yglan edildi. Ýeňiji bolan bagşylaryň, dutarçy sazandalaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ýakynda Miras teleýaýlymynyň agzybir işgärleri bilen ýeňiji bolan bagşylar we sazandalar bilen ýazgy edildi. Ýürekleri býsançdan doly talyplar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar hem-de özleriniň aýdymlary we sazlary bilen çykyş etdiler. Biz hem öz gezegimizde ýeňijileri baýraklary bilen tüýs ýüregmizden gutlaýars! Mundan beýläk hem işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris! Şularýaly zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakda edýän taýsyz tagallalary, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys!  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülsoltan DÖWLETOWA 
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň 
öwreniji-mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm