«Ýaşlyk joşguny» bäsleşigi jemlendi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmek barada taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň sungata höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzda ezber aýdymçylaryň, sazandalaryň, bu ugurdan ussat hünärmenleriň has-da artmagyna giň mümkinçilik döredýär.
Şular ýaly ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we birnäçe ýubileý konsertleri yzygider geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, her ýyl sungat ugrundan bilim alýan ýaşlaryň şeýle hem konserwatoriýanyň talyplarynyň professional derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny baýlaşdyrmak hem-de has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2024-nji ýylda tamamlaýan uçurumlaryň arasynda «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşik yzygider geçirilýär. Bu ýyl hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aprel aýynyň 22-24-i aralygynda «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşigi düzgünnama laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Bäsleşigiň çäginde dürli hünärler boýunça ussatlyk sapaklary, okuw-usuly sapaklary we «Ýaşlyk joşguny», «Gündogar-inçe syrlaryň dünýäsi» atly konsertler hem geçirildi. Bäsleşik türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, kirişli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, hor dirižýorlygy, ýekelikde aýdym aýtmak, bagşy, sazşynaslyk we fortepiano ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdy. Bu bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar türkmen halk we dünýä meşhur daşary ýurt aýdym-sazlaryny, şeýle-de türkmen kompozitorlarynyň döreden uly göwümli ajaýyp eserlerini ýerine ýetirmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi we dabaraly ýagdaýda baýraklary gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere I orun 12 sany, II orun 10 sany, III orun 17 sany, hormat haty 22 sany we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuruldy. Dabaranyñ ahyrynda bäsleşikde ýeñiji bolan ähli gatnaşyjylary gutlamak üçin konserwatoriýamyzyñ halypa mugallymlaryna söz berildi.
Biz hem öz gezegiimizde bäsleşikde ýeňiji bolanlary gutlap, saýlap alan hünärlerinde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerini, sungat äleminde üstünlikleriñ bolmagyny arzuw edýäris. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülsoltan DÖWLETOWA,
«Sazyň taryhy» kafedrasynyň öwreniji-mugallymy