«Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäginde kafedranyň mugallymlarynyñ we talyplarynyñ gatnaşmagynda birnäçe konsert dabaralary we döredijilik duşuşyklary geçirildi. Geçirilen çäreleriň arasynda hepdeligiň açylyşy, konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymow bilen döredijilik duşuşygy has-da ýatda galyjy çärelerden boldy. Döredijilik duşuşygynda halypa mugallym bagşyçylyk sungatynyñ ylmy derejeleri hakynda, ýerine ýetirijilik sungatynyñ inçeligi dogrusynda gyzykly gürrüñleri berdi. Şeyle hem hepdeligiñ çäginde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanşykly birnäçe aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Dabaralarda akyldar şahyryň goşgularyna döredilen halk we nusgawy aýdymlar ýokary derejede ýerine ýetirildi. Hepdeligiň çäginde geçirilen çärelerden ýatda galyjylarynyň hatarynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň «Türkmen halk aýdymlaryndaky köne sözler, ýerine ýetirilişi we manysy» atly usatlyk sapagy we kafedranyň uly mugallymlary, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa hem-de Türkmenistanyñ Prezidentiniñ «Türkmeniñ Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Mähri Hojaýewanyň bagşy talyp gyzlaryň ansambly bilen bilelikde «Söz içinde gelin gyz hem bolmasa» atly duşuşyk konsertini, «Çalsana bagşy» bäsleşiginin ýeňiji zehinli bagşy talyplary we mugallymlar bilelikde «Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar we ýerine ýetiriliş aýratynlyklary» atly konsertlerini bellemek bolar. Umuman geçen hepdeligiň konsertleri we döredijilik duşuşuklary bu ugurda bilim alýan ýaşlaryň bilimleriniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer diýip pikir edýäris. Türkmen aýdym-saz sungatyny ösüşlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.
Hatyja Akmyradowa
«Sazşynaslyk» hünäriniñ II talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm