Terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi


Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdardarymyzyň ýolbaşçylygynda  ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen ösüp barýan ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe almaklygy, giň dünýägaraýyşly, kämil hem sowatly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň ýol açyldy. Şol sanda ýaş nesillerimiziň ahlak taýdan arassa, edep-ekramly, millilik ruhunda terbiýe almaklary hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen wagyz-nesihat işleri bu babatda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahat  konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we bu ugurda zähmet çekýän wekilleriň gatnaşmagynda alnyp baryldy. Talyp ýaşlaryň dykgatyna ýetirilen esasy meseleleriň biri hem  internet torunyň ýaşlara edýän oňyn hem zyýanly täsirleri baradaky gürrüňleri boldy. Şeýle hem çykyşlarda aýdylýan meseleler babatynda bolup geçýän hadysalardan, durmuşdan alnan wakalardan mysallar getirdiler. Ýüze çykýan nogsanlyklaryň esasy sebäbi hökmünde ýaşlaryň internet tory bilen ysnyşykly baglanyşygynyň netijeleri bellenildi. Bu babatda öňüni alyş çäreleri üçin ilkinji nobatda talyplaryň internet ulgamynda şahsy maglumatlaryny goramagy, olaryň ýaýradylmagynyň öňüni almagy ugrundaky zerurlyklaryny nygtap geçdiler.
Bellenen ugurda ýerine ýetirilen işler talyplaryň ünsüni özüne çekmek bilen, olarda oňyn täsirleri galdyrdy. Ösüp barýan nesillerimiziň Watana, ile-güne wepaly ýaşlar bolup ýetişmeginde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn.
Jeýran JORAÝEWA
Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm