“Asylly görelde – mukaddes ýörelge” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Asylly görelde – mukaddes ýörelge ” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çära konserwatoriýanyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygy talyp ýaşlarynyň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen geçirildi.
Maslahatyň başynda Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň bölüm müdiri polisiýanyň maýory Batyr Berkeliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow, Aşgabat şäher Köpetdag etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi Muhammet Garahanow, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler Arkalaşygy guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa dagylar talyp ýaşlaryň hukuk düşünjelerini ýokarlandyrmak, edep-terbiýeli bolmaklary, milli ahlak ýörelgelerini dogry berjaý etmekleri hakynda gyzykly çykyşlary etdiler.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar ýurdumuzyň asudalygy ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Ogulnur SULTANOWA,
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby