Italýaly sazanda türkmen ýaşlary bilen ussatlyk sapagyny geçirdi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Italiýa respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli meşhur italýan kompozitory, ussat pioninaçysy hanym Roberta Di Marionyň konserwatoriýanyň talyplary bilen döredijilik duşuşygy we ussatlyk sapagy geçirildi. 
Myhmanlary konserte gatnaşyjylar bilen konserwatoriýanyň rektory Rasul Amangeldiýew we Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari tanyşdyrdy .
Ussatlyk sapagynyň dowamynda hanym Roberta Di Marion nusgawy daşary ýurt kompozitorlarynyň we öz döreden eserleriniň birnäçesini ýerine ýetirip berdi. Soňra fortepiano hünäriniň talyplary Erjel Ýagşymyradow, Şaislam Kamiljanow, Çaryýar Ataberdiýew, Kerim Gurbannazarow, Medine Batyrowa dagylar türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler we ussat italýaly sazandasynyň bu eserleri ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary barada aýdan peýdaly maslahatlaryny diňlediler. Ussatlyk sapagynyň dowamynda bu hünäri saýlap alan ýaş sazandalar özlerini gyzyklandyrýan sorag-jogaplary hem alyşdylar.
Dabara gatnaşyjylar iki dost-doglanlyk ýurduň diplomatik gatnaşyklaryny ösdürýän, ýaşlaryň ýokary bilimli hünärmenler bolmaklary ugrunda mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürek buýsançlaryny aýtdylar.
Röwşen ATAÝEW 
Sazyň taryhy kafedrasynyň mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm