Gözel bardyr gözellerden zyýada
“Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň beýik ösüşlere beslenýän günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde toýlar baýramlar giňden dabaralanýar. Bu günki gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan etmekliginde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, “Talyp gözeli-2024” atly gözellik bäsleşigi ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýär. Şol bäsleşik ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem geçirildi. Bu bäsleşige her fakultetden bir talyp gözeli gatnaşyp, olar yhlasly, ýokary ruhybelentlik bilen, ýurdumuzyň ösüşüni, gözelligini, ýylyň şygaryny joşgunly dabaralandyryp çykyş etdiler. Talyp gözeller Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz ýürek buýsançlaryny özleriň joşgunly adym-sazlarynda beýan etdiler. Tapawutlanan talyp gözeline, emin agzalary tarapyndan ýokary baha berilip, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçiriljek “Talyp gözeli-2024” jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşanlar döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Aýgül ÝAGŞYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar
guramasynyň başlygy,
Türkmenistanyň at gazanan artisti.