“Magtymguly, sözle bu şirin tilde” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi


       2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň dürli ýerlerinde bolşy ýaly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda “Magtymguly, sözle bu şirin tilde” atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. Akyldar şahyryň doglan güniniň 300 ýyllyk baýramy halkara derejesinde mynasyp bellenilýändigi, ýurdumyzda eýýäm ençeme çäreleriň Magtmguly Pyragynyň ady bioen baglydygy hakynda ajaýyp söhbetleri maslahatyň özenini düzdi.
     Şeýle-de geçirilen mashalatda Gündogaryň akyldar şahyrynyň häzirki döwümizde ýokary derejede hormatlanýandygy, onuň döreden goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti adamzada esasan-da ýaşlara ýetirýän täsiri dogrusynda çykyş etdiler. Teatryň ussat artistleri Magtymguly Pyragynyň döreden goşgularyny sahnalaşyrylan görnüşde ýerine ýetirmegi tomaşaçylara has hem täsirli boldy. 
     Dabara gatnaşanlar watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.  
Nagmat ÖWEZDURDYÝEW
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm