Türkmen akyldary – dana Pyragy ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi


     Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde «Türkmen akyldary – dana Pyragy» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
     Dünýä nusgalyk pähim-paýhasy bilen öz dürdäne şygyrlarynda parasatly pikirleri jemlemegi başaran, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän eserleri ýaş nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolup durýanlygy, şeýle-de Beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe alyp barylýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
     Şeýle hem döredijilik duşuşygynda ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin bellediler.
Begenç ROZYÝEW
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm