Watanymyzda galkynýan- zenanlar


     
     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşýan günlerinde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Zeminiň zynaty, dünýäniň durky zenanlar” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy amaly maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler Arkalaşygynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Durdyýewa Akjemal Kerimberdiýewna şeýle-de, ähli ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary hem-de Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlarydyr, mugallymlary gatnaşdylar. Zeminiň zynaty bolan zenanlarymyzyň, ýurdumyzda alyp barýan işleri babatynda, olara goýulýan hormat, sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ýagny ötüp geçen birnäçe beýik işleri bitiren zenan şahsyýetler hem ýatlanylyp olar baradaky ylmy işleri talyp ýaşlara ýetirilip gyzykly sowal-jogap alyşma has-da täsirli boldy. Bu geçirilen ylmy amaly maslahat hem talyp ýaşlaryň aňynda ýatdan çykmajak pursady döretdi. Konserwatoriýanyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymyTürkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa hem bu maslahata gatnaşyp  “Zenanlar-Watanyň buýsanjydyr” atly tema bilen çykyş etdi. Maslahatyň dowamyndaky aýdylan täsirli gürrüňler ýurdumyzda, Watanymyzda zenanlarymyza goýulýan sarpanyň has-da belentdigini ýene bir gezek  subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara bildirýän ynamyny, öz zähmet orunlarynda wepaly, halal işlemek arkaly  ödeýärler. Goý Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm