“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygar astynda ilkinji okuw sapagy geçirildi
Şu gün 2024-nji ýylyň Fewral aýynyň 9-na ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygar astynda ilkinji okuw sapagy dabaraly bellenip geçildi. Okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen bu ilkinji okuw sapaga konserwatoriýanyň ähli professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda döwletimizde ösüp barýan ýaş nesliň bilim hem-de terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda nygtap geçdiler. Şeýle hem täze ýylyň şygarynyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşmagynyň ähmiýeti, öňde akyldar şahyr Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlyk görilýän çäreler dogrusynda bellediler. Şeýle-de sapagyň barşynda başlanan okuw ýylynyň ikinji möwsümini talyp ýaşlaryň gowy okap tamamlamaklary, watanymyzyň ösüşine özleriniň goşantlaryny goşmaklary hakynda hem peýdaly maslahatlaryny berdiler.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ymamguly RESULOW
“Sazşynaslyk” hünäriniň 1-nji ýyl talyby