Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolundaky ähmiýeti hakynda gepleşik ýazgy edildi


“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolundaky ähmiýeti we halypa gyjakçy Hanmmämet Allanur oglunyň ýekelikde ýerine ýetirijilik mekdebi barada gepleşik ýazgy edildi. Gepleşikde konserwatoriýanyň ylmy işgäri Sapar Saparow Hanmämmet gyjakçynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary barada we dowam edip gelýän halypa şägirtlik ýoly barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Spartak Atakow ussat halypanyň ýetişdiren şägirtleri barada, gyjakda ýekelikde ýerine ýetirijilik mekdebiniň arkama arka dowam edip gelýändigi barada söhbet edip, halypanyň çalan sazlaryndan “Torgaý guşlar”, “Gelemen” diýen sazlary ýerine ýetirip berdi. Gepleşige ussat gyjakçy  Hanmämmet Allanur oglynyň agtyklary hem gatnaşyp halypanyň ömri döredijiligi barada, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary, şägirtleri şol döwürde ýaşap geçen egindeş sazandalar barada gyzykly gürrüňler berdiler. Gepleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolmagy dileg edildi. Türkmen halkynyň bagtly-bagtyýar ýaşamagy üçin alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Baýmuhammet HOJALYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
konsert bölüminiň hünärmeni

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm