Magtymguly operasy hakynda gepleşik ýazgy edildi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ussat kompozitor Ýuliý Meýtusyň “Magtymguly” operasynyň aýratynlygy, türkmen opera sungatyndaky ähmiýeti dogrusynda “Türkmen owazy” teleýaýlymyna ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda konserwatoriýanyň halypa mugallymy Türkmenistanyň halk artisti kompozitor Daňatar Hydyrow opera sungaty barada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan täzeden galkynan türkmen operalary hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Konserwatoriýanyň uly mugallymy Nury Muhyýew opera sungatynda simfoniki orkestryň tutýan orny, sahna bilen sazyň arabaglanşygy, operanyň libirettosyny düzüjiler Alty Garlyýew bilen Berdi Kerbabaýewiň kompozitor bilen utgaşykly iş alyp barandygyny dogrusynda, häzirki günlerde türkmeniň akyldar şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän dabaralar hakynda, “Magtymguly” operasynyň aýratynlygy barada çykyş etdi. Aýdym-sazly gepleşigiň dowamynda “Magtymguly” operasynda Meňliniň keşbini janlandyran konserwatoriýanyň mugallymy "Türkmeniň Altyn-asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi Arzugül Gylyjowa operada keşbi janlandyrmagyň täsinlikleri, jogapkärçiligi hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle-de tomaşaçylar köpçüliginiň operany gowy kabul edip belent wokaldan hiç zat bilen deňäp bolmajak lezzet aldyklaryny belledi.
Gepleşigiň dowamy Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar bilen birlikde döwrümiziň ajaýyplyklaryny wasp edýän aýdym-sazlara utgaşyp gitdi. Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen aýdym-saz sungatyny ýokary derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Öwezmyrat JANMYRADOW
“Sazşynaslyk” hünäriniň 
3-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm