Baýragyňyz gutly bolsun mähriban talyp ýaşlar!


     Ýurdumyzda her ýyl däp bolşy ýaly giňden bellenilip geçilýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň gurnamagynda  medeniýetde we sungatda tapawutlanan hem-de köpçülikleýin çärelerine gatnaşýan işjeň ýaşlara «Ýaşlar baýragy» atly sylag gowşurylýar. 
     Şu ýyl hem biziň okuw jaýymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty» kafedrasynyň ýaş talyp gyzlary bolan IV ýyl Täzegül Baýramowa hem-de şol kafedranyň III ýyl talyby Humaý Kakaýewa bu arzyly baýraga mynasyp boldular. 
     Salam! Men sizi  «Ýaşlar baýragy» bilen sylaglandyňyz. İlki bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz bu arzyly baýragy alanyňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz we şol barada aýdaýsaňyz?! 
     Täzegül Baýramowa: Hawa sag boluň! Näme diýsemkäm? (aljyraňňy ýagdaýda ýylgyrýar) elbetde men bu arzyly pursata hiç garaşmadym, duýdansyz boldy,  men örän  begendim. Bayraga dalaşgär hökmünde okuw jaýymyzdan hödürlenmek hem meniň üçin uly bagtdy.  Meniň adym baýrak alanlaryň hatarynda bardygyny eşdenimde, guş bolup uçaýjak bolýardym we men baýragy gowşurylyş dabarasynda alan wagtym diýseň begenip duýgulandym. 
     Tüweleme, berekella! Baýragy alanyňyzda ilki bilen sizi kim gutlady?! 
     Meni ilki bilen geljekki kärdeşim hem-de deň duşym Humaý gutlady. Soňra bolsa maşgala agzalarym hem-de talyp deň duşlarymdan jaň we SMS hatlary arkaly birnäçe gutlaglar gelip gowuşdy. Men muňa hem örän begendim  hem-de şular ýaly baýrak almak ugrunda olara-da üstünlik arzuw etdim. 
     Tüweleme arzuwyňyz hasyl bolsun. Geljekde etjek işiň,  indiki maksat-meýilnamalaryň, sepgitleriňiz barada aýdaýsaňyz?! 
     Adamda arzuwlar gutarmaýar, bir üstünlik bolsa, ondan hem has ulyrak zatlaryňnarzuwyny edip başlaýarsyňda, ine näme diýeýin  arzuwlar hemişe hasyl bolmagy we netijeli miwe getirmegi üçin edilýär,  şonuň üçin  edeniňe  görä  ak ýürekden uly arzuw etmeli, şonda  hökman arzuwlaryň hasyl bolar.
     Hawa, sag boluň mundan beýläk hem uly üstünlikleri, hem-de arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny dileýärin! 
     Gel indi  söz nobatyny Humaýa geçiräýeli?! Sizede şol soraglary beresim gelýär, ilki bilen baýrak alanyňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiň?! 
     Humaý Kakaýewa: Hawa sag, boluň! Her kimiň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar we pursatlar bolýar, ine meniň durmuşymda hem ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Sebäbi bu örän uly bagt, her adama beýle baýrak nesip etdirmeýär diýsem hem ýalňyşmaryn. Men baýragy almankam onuň üçin okuwdan meniň adymy hödürlemek üçin resminama tabşyrylýar diýen wagty hem örän begendim. Şol wagt başga talyp deň-duşlarymy hem hödürläpdirler. Ýöne ine Täzegül ikimizi bu baýraga mynasyp bolduk. Bu baýragy almak diýmek – meni beýleki talyp deň-duşlarymdan tapawutlandyrýar, bizi şeýle baýraga görendikleri has hem begendirýär. 
     Baýragy alanyňyzda ilki bilen sizi kim gutlady? 
     Ilki bilenmi?! (pikirlenýär). Başda Täzegül, soňra doganym Mukam gutlady. Men şol wagt baýrak alanymda gaty begenip, duýgylanypdym. Şol wagt joralarymdan,  talyp deň-duşlarymdan birnäçe telefon jaň we SMS – habarnamalary arkaly gutlaglar gelip, ýöne esasan maşgalam meni tüýs ýürekden gutlady. 
     Seniň hem has belent sepgitlere ýetmek üçin indiki maksatlaryň, etjek işleriň näme. Şol barada aýdaýsaňyz?! 
     Maksatlarym barada aýtsam irginsiz zähmet çekip, täze-täze eserler işlemek, aýdymlary aýtmak, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ynamyny ödäp mundan beýläk hem watanymyzy wasp edip, has-da uly üstünliklere ýetip, giňden tanalýan estrada sungatynyň wekili, aýdymçysy bolmak we halkymyza hyzmat etmek – esasy maksadym.
Täzegül Baýramowa: Men hem Humaýyň aýdanlaryna goşulýan. Nesip bolsa, geljekde hem Milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişip, aýdymlarymyz bilen ýurdumyzy dünýä tanatmak hem meniň esasy baş maksadym. Sözümiň soňunda Arkadagymyza we Gahryman Arkadagly Serdarymyza şu bagtyýar zamanda bize okamaga, işlemäge, döretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýtýaryn. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” şular ýaly baýrak almak biz üçin gaty uly we belent duýgy. İlki bilen bizi goldan maşgalamyza, talyp deň-duşlarymyza köp sag bolsun aýtmak isleýärin we hemmesine şular ýaly baýraklar almaklaryny arzuw edýärin. 
     Hawa nesip bolsa! Baýraklaryňyz gutly bolsun, höwri köp bolsun, mundanam beýläk uly üstünlikler arzuw edýärin!
     Ikisi hem bilelikde: Sag boluň! 
Hatyja AKMYRADOWA,
  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm