Halypanyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli duşuşyk koserti geçirildi
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat sazanda, mukamçy kompozitor, professor Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli duşuşyk konserti geçirildi. Indi birnäçe wagt bäri halypalaryň doglan günleri bilen bagly döredijilik duşuşyklary konserwatoriýda ýokary derejede belläp geçmek däbe öwrüldi.
Bu günki geçen konsert hem halypanyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar üçin, ýaş sazanda talyplar üçin gyzykly konsertleriň biri boldy. Dabaranyň dowamynda halypanyň dürli ýyllaryň dowamynda çeken zähmeti, sungat ýolynda bitiren işleri dogrusynda konserwatoriýanyň halypa mugallymlary şeýle-de professional kompozitorlar çykyp gürlediler. Ýolaman Nurymow onlarça asyrlaryň dowamynda biziň şu günlerimize talapkär halypalaryň halypa-şägirtlik mekdebi bilen gelip ýeten milli aýdym-saz sungatymyzy şu günki zehinli ýaşlarymyza öwretmek bilen çäklenmän, türkmeniň beýik sungatyny özüniň bütin ömriniň dowamynda ylmy tarapdan giňişleýin öwrenip türkmeniň milli saz sungatynda professor diýen hormatly ada eýe bolan ussat ýerine ýetiriji sazandadyr, sözüň doly manysynda Ýolaman Nurymow Türkmeniň sungatynyň köpugurly wekilidir.
Türkmeniň sungatyny öwrenýän ýaş alymlara, sungaty öwrenijilere olaryň edýän işlerinde göni ýola gönükdirmek üçin, olaryň öňlerinden çykýan säwlikleri düzetmek üçin halypa olara ýakyndan ýardam berýär. Şeýle ýalňyşanyňda göni ýola gönükdirýän maslahat berýän şähsyýetiň barlygyna tüýs ýürekden begenýäris.
Konsertiň dowamynda çykyş edenler Ýolaman Nurymowa özüleriniň hoşallyk sözlerini aýdyp şeýle-de şol aýdylan sözleriň subutnamasy hökmünde aýdymdyr-sazlar bilen üstini ýetirdiler. Şu dabaranyň sebäpkäri hakynda halypa bilen dürli ýyllarada bile işleşen, halypa bilen döredijilik gatnaşygynda bolanlar ussadyň döreden sazlary barada, şol eserleriň döreýşi dogrusynda bu ýere genlen mugallymlara, myhmanlara şeýle hem gelejegimiz bolan talyp ýaşlarmyza içgin gürrüň berdiler.
Dabaranyň dowamynda halypanyň döreden aýdym-sazlary ýaňlandy. Muňa mysal edip Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Annanepesowyň halk saz gurallary orkestry bilen ýerine ýetirmeginde “Konsert” eseri, II ýyl talyp Toýly Orazowyň ýerine ýetirmeginde şahyr Allaýar Çüriýewiň sözlerine “Näzli gyz” aýdymy, konserwatoriýanyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň ýerine ýetirmeginde “Ýaşlyk joşguny” ýaly eserleri aýtmak bolar.
Röwşen ATAÝEW «Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallmy