ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERINI BERJAÝ ETMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI


Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Arkadagly Serdarymyz tarapyndan hem mynasyp dowam etdirilip, bu ýyl 1 — 30-njy sentýabr aralygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu biraýlyk raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýollarda howpsuz şertleri döretmekde we ýol hereketini sazlaşykly guramakda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýollaryň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Ýurdumyzda iki taraply, köp zolakly ýollaryň, aýlawly, köp şahaly estakadaly köprüleriň, saga sowma ýollaryň, häzirki zaman ýol belgileriniň, ýol çyzgytlarynyň, san belgili ýolyşyklaryň, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi nurana ýollarymyzda raýatlarymyzyň barmaly ýerlerine sag-aman we tiz wagtda ýetmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden habar berýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumuzyň Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň derňew müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory A. Saparjaýew, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň wekili polisiýanyň pod polkownigi T.Abdullaýew, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili polisiýanyň maýory B.berkeliýew, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili polisiýanyň maýory J. Pygyýew, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň jenaýat agtaryş müdirliginiň wekili polisiýanyň maýory G. Weliýew, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlugy gullugynyň wekili içeri gullugyň kapitany G.Silgeldiýew, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň umumy bölüminiň uly gözegçisi ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy uly leýtenant K.Baýgeldiýew, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy T.Kakajanowa dagylaryň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrimiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 
Bu çärede çykyş edenler talyp ýaşalara güýz paslynyň gelmegi bilen, ýolda pyýadalaryň hem-de ulaglaryň gatnawy birnäçe esse artýandygy, okuwçylardyr talyplaryň, dynç alyş möwsüminden gelen işgärleriň hereketiniň köpelýändigi, şonuň üçin ilat arasynda, ýolda seresap bolmaklary zerurdygy hakynda ündäp geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak ýollarymyzda ulaglaryň sanynyň artmagy ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. 

Ymamguly RESULOW «Sazşynaslyk» hünäriniň I ýyl talyby


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm