“KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI - 2023” ATLY BÄSLEŞIGI


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygar astynda “Konserwatoriýanyň zehinleri - 2023” atly bäsleşiginiň ilkinji tapgyry başlandy. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, sazandalaryň we aýdym-saz toparlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar.

Ýokary okuw jaýynda bilim berilýän ähli hünärler boýunça 1-5-nji ýyl talyplaryň arasynda her ýyl däp boýunça geçirilýän bu bäsleşik iki tapgyr esasynda alnyp barylýar. Emin agzalarynyň baha bermeginde, tapawutlanan talyplar ikinji tapgyra gatnaşmaklyk mümkinçiligini gazanýarlar. Bäsleşigiň şertleri boýunça talyplar türkmen we daşary ýurt saz eserlerini ýerine ýetirip, şeýle hem häzirki zaman innowasion tehnologiýalary arkaly ylmy işleriniň çykyşlary bilen özleriniň ukyp-başarnyklaryny professional derejede beýan edip bilmeli.

Talyp ýaşlaryň hünär bäsleşiklerine gatnaşyp, şeýle özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän mümkinçiliklerine Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşlary soňsuzdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm