ÝAŞ SAZŞYNASYŇ ÜSTÜNLIGI


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça başarnyklaryny artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gazanýan üstünlikleri hem örän guwandyryjydyr.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň «Türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Gülsoltan Döwletowa internet arkaly ylmy işleriň halkara bäsleşigine gatnaşyp I orna mynasyp boldy. Bäsleşik «Ylymda we bilimde sepgitler-2023» diýip atlandyrylyp Russiýa Federasiýasynyň Penza şäherindäki Halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan gurnaldy. Gülsoltan Döwletowa bu halkara bäsleşige «Türkmenistanda Sary bagşynyň ýerine ýetirijilik mekdebi (geçmişden şu güne çenli)» atly ylmy işi bilen gatnaşdy. Onuň ylmy ýolbaşçysy “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa. Biz hem Gülsoltany gazanan ýeňşi bilen gutlaýarys we oňa geljekde ylym äleminde üstünlik arzuw edýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm