«Rahmaninowyň bahary» atly «Gala-konsert» geçirildi


    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Sergeý Wasilýewiç Rahmaninowyň 150 ýyllyk ýubileýi mynasybetli «Rahmaninowyň bahary» atly konsert geçirildi. Konserti taýýarlan «Kamera ansambly» kafedrasynyň uly mugallymy, Halkara bäsleşikleriniň Laureaty we Diplomanty Stella Wladimirowna Faramazowa. 
    Zehinli kompozitor, ussat pianinoçy-wirtuoz, tanymal dirižýor Sergeý Rahmaninowyň XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda halkara derejesinde uly meşhurlyk gazandy. Onuň döreden romanslary, fortepiano miniatýuralary, fortepiano we orkestr üçin konsertleri we simfoniýalary klassiki sazlarynyň konsertlerinde ýerine ýetirilýär. Şonuň bilen bilelikde kompozitoryň döreden eserleri okuwçylaryň pedagogiki repertuarynda we ýerine ýetirijileriň döredijilik hazynasynda berk orun eýeleýär. Sergeý Rahmaninowyň Fortepiano we orkestr üçin Ikinji konsertiniň heňleri Jek Elliotyň «I Think of You», Frenk Sinatranyň «Where Are You?», Selin Dionyň «All by Myself» ýaly aýdymlarynda, şeýle-de müse Mettýu Belaminiň meşhur britan toparynyň «Space Dementia», «Megalomania», «Ruled by Secrecy» instrumental kompozisiýalarynda uly meşhurlyk gazandy. 
     «Rahmaninowyň bahary» atly «Gala-konsertde» kompozitoryň fortepiano we orkestr üçin konsertleri ýerine ýetirildi. Onuň Fortepiano üçin Ikinji konsertiniň birinji bölümini Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa we Halkara bäsleşikleriniň laureaty Aşyr Aşyrow ýerine ýetirdiler. Fortepiano üçin Birinji konsertiň birinji bölümini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň okuwçysy, Halkara bäsleşikleriniň laureaty Aýnur Otuzowa mugallymy Jeýhun Babaýew bilen ýerine ýetirdiler. 
Halkara bäsleşikleriniň Laureaty we Diplomanty Stella Wladimirowna Faramazowanyň sazandarlygynda Seýran Ataniýazow kompozitoryň ýürekdeş liriki häsiýetli Romansyny we Merdan Çaryýew «Aleko» operasyndan «Syganlaryň plýaskasy» atly juda çylşyrymly hem ajaýyp görnüşli pýesasyny ýerine ýetirdiler. 
     Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde Sergeý Rahmaninowyň «2 etýud-kartinalary» ýaňlandy. 
    Sergeý Rahmaninowyň wokal eserlerini Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijileri Bahar Durdyýewa we Amangeldi Amanow, şeýle-de mugallym Maýa Gullaýewa ýerine ýetirdiler. Olaryň aýtmagynda: «Сирень», «Они отвечали», «Всё отнял у меня», «Я был у ней», «Дитя как цветок ты прекрасна», «Полюбила я на печаль свою» ýaly romanslary, şeýle-de «Aleko» operasyndan «Alekonyň we Zemfiranyň dueti» we «Alekonyň Kawatinasy» ýerine ýetirildi, olara fortepiano saz guralynda Stella Faramazowa, Wladimir Mkrtumow we Merjen Amanowa sazandarlyk etdiler. 
     Şeýle konsertleriň geçirilmegi ýurdumyzda professional saz sunagtynyň ösdürilmegine we diňleýjileriň nusgawy saza bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. 
     Şonuň bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş talyplarynyň we mugallymlarynyň adyndan milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyza milli medeniýetimizi ösdürmekde we professional saz sungatymyzy dünýä arenasyna çykarmakda döredýän uly mümkinçilikleri üçin sag bolsun aýdýarys, olaryň janlarynyň sag we döwlet işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm