Türkmenistan ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny berkitmekde alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Şeýle bimöçber aladalaryň netijesinde ýurdumyzyň sportda gazanýan halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Güneşli Diýarymyzda ulanylmaga berilýän döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaşlaryň söýgüli mekanyna öwrülip, onda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-saz sungaty ugury boýunça bilim alýan talyp ýaşlar esasy hünärlerinden daşary sportyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçýärler. Ol hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän sportyň bäsleşiklerde özüniň oňyn netijesini görkezýär.
Şeýle bäsleşikleriň biri ýakynda ýurdumuzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistan ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XII unwersiýadasy geçirildi. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar topary düzzüm görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda III orny eýeledir.
Toparlaýyn görnüşde geçirilen bu bäsleşikde konserwatoriýanyň oglanlar we gyzlar toparlarynyň ikisi gatnaşyp olaryň baýrakly orunalara mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr.