Dostlugy berkiden saz dili
Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň çelgisi bolan parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün döwrümiziň binýady bolup dünýä dolýar. Dünýäniň ähli ýurtlarydyr halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň wajyp görnüşi hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn orun berilýär. Dostluk, doganlyk gatnaşyklary hem dabaralara beslenip, baýram edilip geçirilýär. Ynha ýakynda medeni gatnaşyklaryň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyza Ýaponiýa döwletinden sazandalarynyň wekiliýeti myhmançylykda boldular. Şu mynasybetli konserwatoriýanyň kakylyp çalynýan saz gurallary hünäriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taýýarlan dabaraly konserdine tomaşa edip we öz gezeklerinde myhmanlarymyz özleriniň milli üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bilen tanşdyryp, tanymal sazlaryny ýerine ýetirdiler. Ýapon saz gurallarynda çalnan sazlar konserwatoriýamyzyň talyplarynadyr mugallymlaryna ýapon milli sazlarynyň üýtgeşik dünýäsini açyp görkezdi. Iki halkyň gadymy saz sungaty bilen tanyşlyk konsertiň esasy maksady boldy.
Ýaponiýa döwleti barada gysgaça aýtsak, däp-dessurlary, aşhanasy, durmuş ýörelgeleri we baý medeniýeti bilen köpleri haýran galdyrýar. Ýaponiýada 100 ýaşdan uly bolan 50 müňden gowrak adam ýaşaýar. Ýapon medeniýetinde ötünç soramak ahlagyň möhüm görnüşi hasaplanýar. Söz bilen ötünç soramagyň azyndan 20 dürli usulynyň bardygyny aýtmak bolar.
Häzirki wagtda Ýaponiýa awtoulag, elektronika, himiýa we dokma senagaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäniň iň uly robot öndürijisi bolan Ýaponiýa senagat robotlaryny ulanmakda hem öňdäki orunlary eýeleýär.
Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýa Gahryman Arkadagymyzyň sentýabr aýynda bolan iş saparynda iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy. Muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň barşynda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alşyldy we söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle – de, ýurdumyzyň hem-de dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan işewürlik gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi anyk mysal bolup biler. Şol bir wagtda ynsanperwer ulgamda ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä we many mazmuna eýe boldy. «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna okgunly, yzygiderli häsiýet mahsusdyr.
Geçen taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyza diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, dünýäde hem iň iri we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri — HIROSAKI uniwersitetiniň hormatly doktory diýen adyň dakylmagy iki ýurduň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk gatnaşyklarynyň alamatyna, hormatly Prezidentimiziň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň ylym-bilim
ulgamynda gazananlarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Olaryň işi gazanylan ylalaşyklary ilerletmäge we iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Şunuň ýaly dost-doganlyk gatnaşyklary bilimimizi artdyrmaga, öz kärlerimiziň ussady bolmaga has hem ýardam berýär we biz ýaşlary geljekde uly işlere goşant goşmaga hyjuwlandyrýar.
Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin