Ylmy-amaly maslahat


        Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwetoriýasynda “Sazyň taryhy” we “Sazyň nazaryýeti” kafedralarynyň bilelikde geçirmeginde “Häzirki zaman sazyny öwrenmegiň wajyp meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda  XX asyryň sungatynda emele gelen dürli çeperçilik stiller we akymlar barada gürrüň edildi. Çykyşlaryň aglaba böleginiň tematikasy türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň wekilleriniň XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda döreden eserlerinde döwrebap ýazuw tehnikalaryna ýüzlenişi we olaryň ulanylyş aýratynlyklary bilen baglanyşykly boldy.  Konserwatoriýanyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowanyň “Rejep Rejebowyň fortepianoly kwintet-poemasynyň kompozisiýa gurluşynyň aýratynlyklary” atly çykyşynda Türkmenistanyň halk artisti, zehinli kompozitor Rejep Rejebowyň N.Halmämmedowa bagyşlap döreden eserinde häzirkizaman ýazuw tilsimleriniň ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň berdi. Şol kafedranyň uly mugallymy Zöhre Gabibowanyň “R. Allaýarow we A. Şnitke. Iki dünýä – iki döredijilik” atly çykyşynda ussat kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Allaýarowyň öz halypa mugallymy Alfred Şnitkeniň arasyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklary we olaryň arasyndaky döredijilik  ýakynlygy baradaky maglumatlar beýan edildi.  “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň ýaş mugallymy Gülşirin Çaryýewanyň “Çary Nurymowyň  “Enigma” eseriniň ritm aýratynlyklary” diýen çykyşynda Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň döwrebap beýan ediş dili barada gürrüň edildi. 
Geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan işgäri Annaýew Azat häzirkizaman şekillendiriş we saz sungatynyň arabaglanyşygy baradaky çykyşynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň sungatlaryndaky çeperçilik stilleriň aýratynlyklary beýan edildi.
 XX asyryň saz medeniýetine mahsus bolan stilleriň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýan “polistilistika” barada “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Litwina  “Polistilistika – saz pikilenişiň usuly we ylmy barlagyň obýekti hökmünde” atly çykyşynda gürrüň berdi. “Willa Lobosyň dörerdijilik häsiýetnamasy” atly tema boýunça şol kafedranyň uly mugallymy Myrat Gurbanow çykyş etdi. Bu çykyşda latin-amerikan sazynyň häsiýetli aýratynlyklary, hususan-da Wila Lobosyň döredijiligindäki naýbaşy eserler barada gürrüň edildi. Häzirkizaman sazy bilen baglanyşykly tema bagyşlanan bu ylmy-amaly maslahat Türkmen milli konserwatoriýasynda ilkinji gezek geçirilip, oňa gatnaşan talyplarda, mugallymlarda hem-de myhmanlarda gyzykly täsirleri galdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm