Saz festiwaly şowhunly dowam edýär!
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda noýabr aýyndaky “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly dabaraly ýagdaýda dowam edýär. Bu günki geçen konseretde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň zehinli talyp ýaşlary halkara bäsleşikleriň laureaty Hijran Jorakulyýew, V ýyl talyplar Oguljeren Bäşimowa, Sardorbek Annamuradow dagylar çykyş etdiler. Dabara konserwatoriýanyň halk sazy fakultetiniň halypa mugallymlary, talyp ýaşlary bilen birlikde myhmanlar hem ganaşdylar.
Konsertiň çyklyşlarynyň dowamynda plektor saz guralynda Sardorbek Annamuradow belli türkmen kompozitory Ç.Nurymowyň “Sonata II-III” bölümini, Wenger kompozitory F.Listiň “Wenger rapsodiýa N2” we B.Hudaýnazarowyň “Konsertino-Gazal” eserlerini ussatlyk bile ýerine ýetirdi. Kanun saz guralynda Oguljeren Bäşimowa H.Wekilowyň “Konsert”, D.Dadaşowyň “Poema”, G.Kulyýewiň “Konsertino” eserlerini ýerine ýetirip tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsert çykyşlarynyň dowamy akkordeon saz guralynda Hijran Jorakulyýewiň ýerine ýetirmeginde tanymal türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy”, A.Şnitkeniň “Polka”, W.Wlasowyň “Basso ostinato” eserleri bilen dowam etdi. Bu günki konsertde talyplar özleriniň ussat halypalaryndan öwrenen saz eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen, bu ugurdaky ukyp başarnyklaryny açyp görkezdiler. Dabaranyň ahyryna oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ylymly bilimli öz hünärlerinden ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.