Halkara üstünligimiz


Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda dünýä ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Ol hem özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýakynda meşhur Azerbaýjan kompozitory Fikret Amirowyň doglan güniniň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Yslam döwletleriniň nusgawy sazlary ýerine ýetirijileriň arasynda halkara bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň II ýyl talyby Kowus Bäşimow ürtünlikli çykyş edip II orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda Kowus Bäşimow Uilýam Uoltonyň alt we orkestr üçin konsertiniň 1-nji bölümini, Fikret Amirowyň balladasy ýaly eserleri ýerine ýetirde. Bu bäsleşige Türkmenistan döwletimiz bilen birlikde Azerbaýjan, Turkiýe, Eýran, Gazagystan ýaly döwletlerden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Şeýle halkara bäsleşikde talybymyzyň ýeňiji bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Talyp ýaşlaryň okamaga öwrenmäge döredip berýän mümkinçlikleri üçin Arkdagly Serdarymyza özümiziň çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.  

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm