Ýaşlar – geljegi gurujylar
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda ägirt uly işler alnyp barylýar, ýaş nesillerimiziň bilim ojaklarynda okamagy, öwrenmegi, hünär başarnyklaryna görä işläp, zähmet çekmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzylyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýip, uly ynam bilen ýaş nesillerimize ýüzlenýär.
Umuman aýdanymyzda, ýaşlar üçin ähli babatda döredilýän şertler olaryň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Olaryň bitirýän işleri, zähmetiniň netijeleri baýraklar bilen sylaglanylýar. Şeýle sylaglaryň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli bu guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny mysal getirmek bolar. Bu baýrak bilen edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üç ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, ýokary döredijilik başarnygy hem-de işjeňligi hasaba alnyp, 16-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar sylaglanylýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülzada Guldurdyýewa hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Mugallym bolmak bilen bir hatarda ýaş hünärmen konserwatoriýanyň talyplarynyň “Sungat we ýaşlar” atly içki gazetine redaktorlyk edip, tele-radio gepleşiklerde, gazet-žurnallarda makalalary bilen yzygiderli çykyş edip gelýär. Şeýle irginsiz zähmeti bilen Gülzada mugallym konserwatoriýanyň mugallymlarynyň hem talyplarynyň arasynda uly abraýa eýedir.
Ýaşlara öz hünärlerinden ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň jany sag belent başy aman bolsun.