KOMPOZITOR MERDAN BÄŞIMOW BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
9-njy noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky Maýa Kulyýewanyň muzeýinde ýaş kompozitor, halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Merdan Bäşimow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa konserwatoriýanyň kompozitorlary, mugallymlary, sazşynaslary işjeň gatnaşdylar.
Merdan Bäşimow hakynda aýdanymyzda, ol Russiýada ýaş kompozitorlaryň arasynda «Partitura» ady bilen geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi. Ol 2005-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümini tamamlady. Şol ýyldan başlap köp eserleri aranžirowka edip, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halk aýdymçylary bilen işledi. 2017-nji ýylda bolsa ol N.G.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň kompozisiýa hünäri boýunça okuwyny üstünlikli tamamlady. Häzir kompozitor Merdan Bäşimow N.G.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynda mugallymçylyk edýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazşynaslyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ogulnur Sultanowa şeýle belledi:
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Merdan Bäşimow döreden täze eserleri barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi hem-de şol sazlardan eşitdirdi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýaş kompozitor myhmanlaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi, konserwatoriýada bilim alýan ýaş kompozitorlar bilen söhbetdeş boldy. Merdan Bäşimowyň döreden eserleri, gyzykly gürrüňleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.