TALYP ÝAŞLAR HALKARA YLMY MASLAHATYNA GATNAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan respublikasynyň N.I.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň gurnamagynda “Ýaş alymlaryň ylmy gözleglerinde saz folklory” atly talyplaryň halkara ylmy-praktiki maslahatyna internet ulgamy arkaly online görnüşinde gatnaşdylar. Talyp ýaşlar bu halkara ylmy maslahatynda etnografiýa we sazşynaslyk ylmy, kompozitorçylyk döredijiligi, saz ýerine ýetirijilik sungaty ýaly ugurlary boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde “Däp bolan saz gurallary: öwrenmek tejribesi we täzeden dikeldilmegi” tema boýunça ussatlyk sapaklary we konsertleri geçirildi.
Halkara ylmy maslahatynda Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlarynyň çykyşlarynyň arasynda aýratyn uly gyzyklanma bildirilen temalardan Gülbahar Serhenowanyň (ylmy ýolbaşçysy: “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa) “Türkmen dutary we onuň häzirki zaman türkmen medeniýetindäki orny” atly temasy boldy. Ýaş alym özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň YUNESKO bölümi bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasatynda bilim, ylym we medeniýet meseleleriniň aýratyn orny eýeleýänligi barada çykyş etdi. Şeýle-de 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty adamzadyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Şeýle-de sazşynaslyk hünäriniň talyby Gülşat Kadyrowanyň (ylmy ýolbaşçysy: “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Litwina) “Küşdepdi türkmen folklor tansy: gelip çykyşy we häzirki zaman durmuşyndaky ähmiýeti” atly temsy uly gyzyklanma döretdi. Ol öz çykyşynda türkmeniň gadymy tans sungatyna degişli meseleleri, olaryň türkmen halkynyň däpleri we taryhy bilen arabaglanyşygy ýaly meseleleri açyp berdi. Has-da halkymyzyň meşhur tansy bolan Küşdepdi tansyň zoorastrizm däpleri we gadymy ýadygärliklerinde şekillendirilişine häsiýetnama berdi. 2017-nji ýylda ÝUNESKO Küşdepdi tansyny adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar etmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Sazşynaslyk hünäriniň talyby Kuwwat Ýowbasarow (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa) “Türkmen dessançy-bagşylaryň repertuarynyň žanr köpdürliligi” atly temasy bilen çykyş etdi. Kuwwat özüniň çykyşynda türkmen epiki döredijiliginiň dürli žanrlary, türkmen dessançy bagşyçylyk sungatynyň aýratynlyklary, welaýatlaryň milli ýerine ýetirijilik sungaty we dessançylyk sungatynyň häzirki zaman derejesi barada gyzykly maglumatlary berdi.
Güljemal Durdyýewa (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti Ýelena Osipowa) “Kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň instrumental döredijiliginiň saz diliniň milli aýratynlyklary” atly temasynda kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň “Fleýta üçin sonatasynyň” we “Fortepiano üçin iki pýesasynyň” mysalynda türkmen halk sazynyň we XX asyryň sazynyň häsiýetli täze saz beýan ediş serişdeleriniň utgaşygyny açyp berdi.
Aknur Annameredowa (ylmy ýolbaşçysy: “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Annagylyjowa) “Rejep Rejebowyň “Görogly” operasynyň mysalynda türkmen halk sazlarynyň häsiýetli aýratynlyklary” atly temasy bilen çykyş etdi. Aknur özüniň çykyşynda “Görogly” eposyň bütin Gündogar medeniýetinde tutýan orny, bu temy Merkezi Aziýa kompozitorlaryň ünsüni özüne çekmegi we Rejep Rejebowyň döredijiliginde bu adybir operanyň döremegi we aýratynlygy barada baý maglumatlary berdi. Şonuň bilen bu ýerde saz diliniň aýratynlygy we simfoniki orkestriniň düzümine ilkinji gezek dutar, gyjak we gargy tüýdük saz gurallaryň girizilmeginiň ähmiýetini açyp görkezdi.
Umuman, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlarynyň şeýle ýokary derejeli halkara forumynda saz sungaty we medeni mirasy boýunça ilkinji gezek üstünlikli çykyş etmekleri juda buýsandyryjy waka öwrüldi. Gelejekde hem şeýle ylmy maslahatlara işjek gatnaşmaklaryny we üstünli çykyş etmek bilen uly üstünlikleri gazanmaklaryny talyplara tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.