ÝURDUMYZYŇ SAZLY DURMUŞYNDA ILKINJI GEZEK...


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan Halkara saz gününe bagyşlanan “Ählumumy saz diktanty” aň-bilim çäresi gurnaldy. 
Aň-bilim çäresine Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ähli fakultetlerinde bilim alýan talyplary bilen birlikde, şol bir wagtda, (her okuw edara öz ýerinde, şenbe güni, irden sagat 10:00-da başlandy), paýtagtymyzda, welaýatlarda ýerleşýän ýörite sazçylykdyr sungat mekdepleriniň talyplary, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary synplarynda bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirildi. Çärä Türkemenistan boýunça  jemi 392 talypdyr okuwçylar gatnaşdylar. Tapawutly netijeleri görkezen gatnaşyjylar konserwatoriýa tarapyndan ýörite diplomlar bilen sylaglandylar.
Saz diktanty – bu solfejio dersinde ýerine ýetirilýän işiň çylşyrymly görnüşine degişlidir. Bu usul görnüş gelejekki sazandalaryň saz eşidişini gowlandyrmakda, nazary bilimlerini berkitmekde peýldaly türgenleşik usullarynyň biridir.
Bu aň-bilim çäresiniň maksady Türkmenistanyň sazçylyk okuw edaralarynda okadylýan “Saz nazaryýet” dersleriniň hilini gowlandyrmakdan, okuw ojaklarynda bilim alýan ýaşlary höweslendirmekden ybaratdyr.
Bu usul dünýä saz tejribesinde öňden bolup, Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Ýurdumyzda indiden aňryk her ýylda we çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hem geçirmek göz öňüne tutulýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm