“ÄHLIUMUMY SAZ DIKTANTY” AŇ-BILIM ÇÄRESI
2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda sagat 10.00-da Halkara saz gününe bagyşlanan “Ähliumumy saz diktanty” atly aň-bilim çäresi geçirilýär.
“Ähliumumy saz diktanty” Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan gurnalyp, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ÝSMI-niň ýokary synplarynda bilim alýan okuwçylaryň arasynda ady agzalan okuw mekdeplerinde geçiriler.
“Ähliumumy saz diktanty” ilkinji gezek gurnalýar we her ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýeňijiler çäräniň geçirilen okuw edaralarynda kesgitlener we yglan ediler.