«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi


"Halkyň Arkadagly zamanasy" şygary bilen dowam edýän 2022-nji ýylyň başynda eýýäm biziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy galkyndyran hoş habar gelip gowuşypdy. Ýagny, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Ony giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi şu ýyl ilkinji gezek geçirildi.
 Bäsleşikde ýurdumyzyň çar künjeginden we birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde  okap bilim alýan  zehinli ýaş bagşy-sazandalar çykyş etdiler. Olar etrap-şäher, welaýat we döwlet tapgyrlary boýunça gatnaşdylar. 
 Ýagny bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň her welaýatyndan 2  sany bagşy,  2 sany sazandalar saýlandylar.
 Bäsleşigiň jemleýji tapgyry  2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-e gecirildi. Bu jemleýji bäsleşikde bagşy-sazandalaryň bir näçesi Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldular.
Bäsleşikde Aşgabat şäherinden sazanda  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Myrat Aşyrow, bagşylardan Owazgeldi Hanow Ahal welaýatyndan sazanda Döwletgeldi Daňatarow, bagşylardan  Öwezgeldi Amanow. Mary welaýatyndan sazanda  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ogulnabat Berdiýew, bagşylardan Omar Şiriýew.                             
Balkan welaýatyndan sazanda  Amangeldi Durdyýew, bagşylardan Hojaguly Hojagulyýew. Daşoguz welaýatyndan sazanda Mekan Jumageldiýew,     bagşylardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Atajanowa. Lebap welaýatyndan  sazanda Gurban Çaryýew, bagşylardan Haýytmyrat Illiýew dagylar bäsleşigiň ýeňijileri bolup baýrakly orunlara mynasyp boldular. 
Ýeňiji bolanlaryň 12 sansynyň 3-siniň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymydyr talyplarynyň bolmagy, beýleki ýeňijileriň hem bu ýokary okuw mekdebiniň uçurumlarydygy has-da buýsandyrýan zatlaryň biridir.
 Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe mundan beýläkde rowaç alsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm