Tsinandali Festival: türkmen sazandalary Pan-Kawkaz orkestriniň ilkinji orunlarynda
“Tsinandali festival” – akademiki sazynyň meşhur halkara festiwallarynyň biri bolup, Gruziýa döwletiniň Tsinandali (Kaheti) şäherinde knýaz Çawçawadzeniň mülkünde açylyş dabarasy geçdi. Bu festiwala biziň türkmen ýaş sazandalarymyz ilkinji gezek gatnaşyp, olaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň 5-nji ýyl talyby Aýlar Annamyradowa we 3-nji ýyl talyby Saryýew Begenç ägirt uly dabaranyň şaýady boldylar. Gruziýa baýramçylygynyň ýakynda 2019-njy ýyldan bäri geçirilmesine garamazdan nusgawy sazynyň ýyldyzlarynyň arasynda örän meşhur bolup, bu çäräniň öz däpleri döredi. Festiwalyň konsert programmasyna gatnaşmak üçin bu ýere Aziýadan, Ýewropadan, Amerikadan, GDA-nyň ýurtlaryndan we Kawkazdan dünýewi ýerine ýetirijiler, wirtuoz-solistler, tanymal dirižýorlar gelýärler. Olar seminarlary, ussatlyk sapaklary, ýaş sazandalara saz bilimini artdyrmaga we öz başarnyklaryny ösdürmäge, opera we nusgawy sazynyň professionallary bilen işlemäge uly mümkinçilik gazanýarlar. Bu festiwalyň çäginde Tsinandali şäherinde halkara saz akademiýasy hem döredilen. Şeýle hem gatnaşyjylaryň arasynda has ukyply zehinli sazandalar Tsinandali festiwalynyň esasy bolan Pan-Kawkaz ýaş sazandalar orkestrine saýlanýarlar. Bu düzümi döretmek üçin ýörite iş topary – dirižýorlar, kompozitorlar dünýäniň atly sazandalar synag geçirip, Azerbaýjan, Ermeni, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gruziýa, Ysraýyl, Gazagystan, Türkiýe, Ukraina we şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistan döwletlerinden zehinli, ukyply ýaş sazandalaryň arasyndan has güýçlileri saýlanýar.Şeýle hem festiwalyň çäginde “Ping Pong” bäsleşigi geçirilende Begenç Saryýew gatnaşyp 2-nji orna mynasyp boldy. Ýaş türkmen sazandalaryň ilkinji çykyşyny goldamak üçin Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Myradow Gruziýa festiwala gelip, italýan dirižýory we Tsinandali festiwalyň gurnaýjysy – Klaudio Wandeli bilen duşuşyk geçirdi. Olar ýaşlar topary döredijilige, dostluga, sylaga esaslanan saz jemgyýetiniň geljekde esasy özeni bolar diýip belläp geçdiler.
Konsert programmasy 11-nji sentýabra çenli dowam edip dünýäniň atly onlarça sazandalar çykyş edip, bu gruzin baýramçylygyna birnäçe müň tomaşaçylar geldiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Begenç bilen Aýlar bu ajaýyp saz dünýesine girişip, olar üznüksiz saz bilen meşgullandylar, saz ägirtleriniň elinden sapak alyp, sahnada özüňi alyp barmagyň tärlerini, ýerine ýetirijilik sungatynda uly tejribe gazanyp, hormat hatlaryna mynasyp boldylar. Şunuň ýaly dost-doganlyk gatnaşyklary bilimimizi artdyrmaga, öz kärlerimiziň ussady bolmaga has hem ýardam berýär we türkmen ýaşlaryny geljekde uly işlere goşant goşmaga hyjuwlandyrýar.
Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mundan hem beýläk rowaçlyklara beslensin!