Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabara geçirildi


Ýakynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem ýokary derejede bellenilip geçildi. Dabara mynasybetli ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynyň okalmagy ilkinji okuwa gadam basýan ýaşlar üçin has-da begençli wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny hem-de bilim ulgamynyň işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň öz miwesini berýändigini belledi. Soňra hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýaşlar üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine talyp ýaşlaryň adyndan hoşallyk sözleri aýdyldy. 
Dabaranyň dowamynda konserwatoriýanyň halypa mugallymlary talyp ýaşlara özleriniň ak patalaryny bermek bilen mukaddes hünäre eýe bolmaklary üçin arman ýadaman okap öwrenmekleri dogrusynda peýdaly maslahatlaryny berdiler. Dabarada V ýyl talyplar I ýyl talyplara talyplyk şahadatnamasynyň hem-de bilim açarynyň nyşanyny gowşurdylar. Soňra I ýyl talyplar Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň şahsy muzeýine aýlanyp halypanyň döredijilik ýoly bilen tanyşdylar. Ähli talyplaryň gatnaşmagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ilkinji okuw sapagy dabara utgaşyp gitdi. 
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm