«DOSTLUK OWAZY» ATLY TÄZE ESERIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI


Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwrümiziň ösüşleri barha rowaçlanýar.Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda  toýlarymyz  toýlara ulaşýar. Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi, dünýä ýaýylmagy babatda uly işleri amala aşyrýar. Dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da berkidýär. Dost-doganlyk ýurtlaryň we goñşy döwlerlerimiziñ sungat ussatlarynyň, meşhur estrada ýyldyzlarynyñ Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyza gelip çykyş etmekleri, medeniyet we sungat ussatlaryny, agzybir  halkymyzy tüýs ýürekden buýsandyrýar. 
Ýakynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Amerikan sazandasy we aýdymçysy Najib Saburyň we Maýa Kulyýewa adymdaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozitor talyplary Döwran Şammyýewiň hem-de Begmyrat Hudaýberdiýewiň bilelikde döreden “Dostluk owazy” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabara gatnaşyjylar täze eseri ýokary derejede garşyladylar hem-de sazanda myhmana we kompozitor talyplara mundan beýläk hem döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Şeýle dost-doganlyk konsertini geçirmäge döredip berýän mümkinlçilikleri üçin dabara gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm