Magtymguly operasy sahnalaşdyryldy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenip, ýatdan çykmajak ajaýyp senelere utgaşýar.
Däp bolşy ýaly, Iyun aýynyň ahyrynda medeniýet ulgamynyň wekilleriniň hünär baýramçylygy giňden bellenilýär. Her ýylda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şowhun dabara bellenilip geçirilýär. Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri her ýyl geçirilýän bu giň gerimli medeni çäräni nobatma-nobat kabul etmek bilen, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.
Medeniýet hepdeliginiň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakynda ençeme sazly eserler hem döredildi. Şolaryň arasynda iň bir naýbaşysy eser bolan Ukrain kompozitory Ýuliý Meýtusyň “Magtymguly” atly operasydyr. Bu operanyň ilkinji görkezilişi 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda goýuldy. Häzirki wagtda aradan 10 ýyl geçse-de bu opera gadyr-gymmadyny ýitirmän “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda” teatryň sahnasynda täzeden janlandyryldy. Aýdym-saz sungatynyň ýokary ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary we talyplary, hor topary, simfoniki orkestri hem-de teatryň döredijilik toparynyň gatnaşmaklarynda opera täzeden goýulyp halka ýetirildi.
Bu opera tomaşa etmäge gelen diňleýjiler köpçüligi operanyň ýokary derejede ýerine ýetiren, gahrymanlaryň keşplerini ussatlarça janlandyran aýdymçylary we artistleri gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Operanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredip berýän ähli şertleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.