Baýraklaryňyz gutly bolsun!


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem pajarlap ösýär. Biz talyp ýaşlara öz ukyp başarnyklarymyzy doly açyp görkezmäge, göz ýetimimizi giňeltmäge, dürli ugurlarda ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilýär. Her ýylyň 14-nji iýunynda bellenilip geçilýän “Ylymlar güni” mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemi jemlenip, dabaraly ýagdaýda ýeňijileri sylaglanylýar. Bu ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary Güller Muhamowa we Gülbahar Serhenowa özleriniň ylmy işleri bilen bäsleşigiň ýeňijileri bolup Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna eýe boldylar. “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby Güller Muhamowa bäsleşige “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Miwegözel Saparmyradowanyň ylmy ýolbaşçylygynda “N. Halmämmedowyň XIX asyryň halk bagşylaryň we şahyrlaryň goşgularyna ýazylan  “Söýgi” wokal toplumynyň keşp duýgy mazmunynyň, gurluşynyň we garmoniki diliniň aýratynlyklary” atly tema bilen, “Türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby Gülbahar Serhenowa “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowanyň ylmy ýolbaşçylygynda “Türkmen bagşyçylyk sungatynda Görogly şadessanynyň Bezirgen şahasy” atly tema bilen gatnaşyp III baýrakly oruna mynasyp boldylar. Ýeňiji bolan bu talyplar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň şaserpaýyna eýe bolmak bagty miýesser edendigi, ýaşlaryň ylmy işlerine berilen örän uly baha üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdýan alkyş sözleriniň çägi ýok. 
Biz hem talyp ýaşlara gelejekde döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömürüniň uzak, tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm