“Halkara çagalar güni mynasybetli” baýramçylyk konserdi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşliginiň bilelikde taýýarlamagynda “BOTANIKA” bagynda “Halkara çagalar güni mynasybetli” baýramçylyk konserdi geçirilýär. Çagalar üçin geçiljek konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerde we multifilimlerinden sorag-jogaplar bolar.