Hormatly Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Oraza aýynda “Ömrümiň manysy” atly eserini halkymyza sowgat etdi. Şu günler ýurdumyzda bu ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabaralary dowam edýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ömrümiň manysy” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bu eseriň many-mazmunyny, çeperçilik ähmiýetini, nesilleri belent adamkärçilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde bahasyz gymmatlykdygyny aýratyn nygtadylar. Ynsan mertebesine mahsus gylyk-häsiýetleriň adamlara gowulyk çaýýandygyny bellediler. Çykyş eden professor-mugallymlarymyz ajaýyp kitabyň ähmiýeti barada giňden durup geçdiler.
Dabaranyň dowamynda ajaýyp zamanamyzyň waspyny edýän bagşy-sazanda talyplaryň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyza şeýle gymmatly kitaby sowgat beren Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.