«Açyk gapylar» güni
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 6-njy, 13-nji maýynda sagat 15:00 geçiriljek «Açyk gapylar» günine çagyrýar.
Açyk gapylar güninde ýaşlar okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem “Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi” bilen tanşyp bilerler!