Sport halklary dostlaşdyrýar onlaýn sapagy geçirildi
Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykan wezipelerden ugur alyp talyp ýaşlaryň arasynda zehinleri ýüze çykarmak, döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty babatynda bilimlerini artdyrmak maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gatnaşmagynda “Sport halklary dostlaşdyrýar” atly onlaýn sapagy gecirildi. Bu okuw sapagynda talyp ýaşlar iňlis we rus dillerinde taýýarlanan temalar esasynda çykyş etdiler. Ol aşakdaky bölümlerden ybaratdyr:
1. Sport saglygyň girewidir
2. Sport barada goşgy, aýdym
3. Bedew -biziň milli buýsanjymyzdyr
4. Welosiped sportyny wasp etmek
Talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde eden täsirli çykyşlary we taýýarlan prezentasiýalary sapagyň gyzykly geçmegine hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine bolan höwesini has-da ýokarlandyrdy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bolsa bu çäräni has-da dabaralandyrdy.
Onlaýn sapagyna gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumuzy belent badalgalar bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.