Döwletli döwran geldi atly konsert geçirildi
Ýurdumyzda täze eýýämyň başlanmagy bilen birnäçe medeni çäreler amala aşyrylýar. Şol çäreleriň çäklerinde ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň taýýarlamagynda «Döwletli döwran geldi» atly konsert geçirildi. Bu dabaraly konsertde solistleriň, konserwatoriýanyň talyplar simfonik orkestriniň we horunyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň Watanmyzyň Garaşsyzlyk ýyllary döreden aýdymdyr sazlary diňleýjiler üçin örän täsirli boldy. Konsert ussat kompozitoryň pajarlap ösýän watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän “Döwletli döwran geldi” kantatasy bilen jemlenmegi diňleýjiler köpçüliginiň gyzgyn söýgisine mynasyp boldy.