Ýaş kompozitorlaryň döredijilik agşamy geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozisiýa hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar Ogulgerek Halylowa, Döwran Şammyýew hem-de Annageldi Annaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Elbetde, eýýäm birnäçe wagt däp bolup gelýän ýokary okuw jaýymyzda duşuşyklar, konsertler, edebiýat agşamlary yzygiderli geçirilýär. Bu gyzykly geçen döredijilik agşamyna bolsa, kompozisiýa kafedrasynyň professor mugallymlaryň, sazşynas talyplaryň hem-de sungat bilen gyzyklanýan ençeme myhmanlaryň gatnaşmagy has-da täsirliligini artdyrdy.
Geçen bu duşuşykda kompozitorçylyk hünäriniň inçe tilsimlerini öwrenýän talyplar özleriniň bu hünäri saýlap almagy hakynda, dürli ýyllarda döreden eserleri barada, dürli žanrlarda saz ýazmagyň aýratynlygy dogrusynda, halypa mugallymlarynyň olara şägirt-halypa gatnaşygynda peýdaly maslahatlaryny berýändikleri hakynda talyp deň-duşlaryna we bu ýere ýygnanlara gyzykly gürrüň berdiler.
Duşuşygyň dowamynda Ogulgerek Halylowanyň “Ädimler” fortepiano üçin toplumyndan pýesalarynyň, “Köňül kelamy” atly wiolonçel we fortepiano üçin sonata eseriniň, Annageldi Annaýewiň şahyr Kakamyrat Rejepowyň goşgusyna döreden “Men seniň ýanyňa geldim ahyry”, “Sen geleniň bäri” atly aýdymlary, Döwran Şammyýewiň “Salgym” atly fortepiano pýesasynyň ýerine ýetirilmegi we bu eserlere halypa mugallymlar Baýramdurdy Hudaýnazarowyň, Daňatar Hydyrowyň, Suhan Tüýliýewiň, Meret Annamyradow, Jeren Gurbangylyjowanyň, Kerim Garowowyň, myhman kompozitor Röwşen Nepesowyň özüleriniň pikirlerini we peýdaly mashatlaryny bermekleri ýaşlaryň bu ugurda hasa-da höwesjeň işlemekleri üçin täsirliligini artdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda aýdym-saz sungatynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykan alkyş sözlerini beýan etdiler.