Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda täsirli duşuşyk geçirildi

Ýakynda  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Baş drama teatrynyň režissýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa  bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
    Elbetde, birnäçe wagtdan bäri däp bolan bu ýokary okuw jaýymyzda duşuşyklar, konsertler,  edebiýat agşamlary yzygiderli geçirilýär. Bu gyzykly geçen döredijilik agşamynda bolsa professor mugallymlaryň,talyplaryň hem-de sungat bilen  gyzyklanýan ençeme myhmanlaryň gatnaşmagynda režissýor Gülälek Akmyradowanyň döredijiligine bagyşlanyp teatr barada, aýdym-saz sungaty  bilen hereketiň bagşanşygy barada gyzykly sorag-jogaplar alşyldy.
    Täsirli geçen bu duşuşykda režissýor  Gülälek Akmyradowanyň sahnada goýan birnäçe eserlerine tomaşa edildi.
     Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň ýaş artistleriniň ýerine ýetiren sahnalary oňa gatnaşyjylarda täsin duýgulary oýardy. Esasan hem W.Şekspiriň “Romeo we Julýetta” romanyndan görkezilen sahnalar has-da ýürek talgundurujylygy bilen tapawutlandy.
    Mundan başga-da Gülälek Akmyradowanyň okamagynda konserwatoriýamyzyň kirişli saz gurallardan düzülen kwartetiň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary astynda gyzykly monaloglar diňlendi. Bu ýürege täsir edýän sazlaşyk diňleýjileriň hiç birini hem parhsyz goýmady.
   Dabarynyň ahyrynda aýdym-saz sungatynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri  döredip berýän, milli medeniýetimiziň, sumgatymyzyň hak howandary Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm